Kanalymyza agza boluň!: [ Ссылка ]
#osmanlı #magtymguly #mahtimkulu #pyragy #osmanghazi #osmangazi #osmanli #yslam #yslamnury #магтымгулы #turkmengosgy #devletialiyye #turkmengosgy
Geliň Magtymguly Atamyzyň "Döwletialynyň" atly , Osmanly Döwletini wasp edip yazan goşgusyny diňläliň!
Goşgy şu sebäplerden Osmanly barada ýazilanldir diýip çaklaýas:
1. Magymtugyly Pyragy Osmanly Döwründe ýaşan şahyr. Goşguny ýazylan taryhynda Dünýadäki iň güýçli Musulman Döwleti Osmanli Döwletidi.
2. Osmanly döwletiniň resmi ady "Döwleti Aliýýedi"
Döwletialynyň
Sünnüýe sütündir, käpirge setdir ,
Çalsa tygy-tizi Döwletalynyň.
Älemde destandyr, illerde hatdyr,
Söhbet içre sözi Döwletalynyň.
Sözleri pent bolup galdy dillerde,
Pakyrlar penahy ýaman günlerde,
Yrak ülkelerde, ýakyn illerde,
Dost, duşmany razy Döwletalynyň.
Çoh jahan seýr etdi ömri bolynça,
Ýaradan ýok edip, ýere salynça,
Ýalançyda ýaýlap, täki ölinçä,
Sowulmady ýazy Döwletalynyň.
Har geçmez her kimni mydam istese,
Takdyrdan daş çykmaz geňeş taslasa,
Bürgüt deý alardy laçyn beslese,
Şir alardy bary Döwletalynyň.
Agyr uruglydyr hem beýik illi,
Köp ýygylsa meşhur, äleme belli,
Meýdanda-gylyçly, diwanda dilli,
Ýüze taýdyr özi Döwletalynyň.
Dileg etse, doň daşlary erider,
Gazap etse, hökmi daglar ýörüder,
Güneşden göwherdir, Aýdan dürüdir,
Pelekde ýyldyzy Döwletalynyň.
Sansyz ile serkerdedir, soltandyr,
Jeň ýerinde jellat, belki, arslandyr,
Menzili mesjitdir, ferşi diwandyr,
Gijesi, gündizi Döwletalynyň.
Temennasy ýerden asmana deňdir,
Bişede babyr, dagda peleňdir,
Gämige labyrdyr, derýa näheňdir,
Herýan barsa özi Döwletalynyň.
Naçarlaryň eňreşerler sag-solda,
Hiç biri bolmady derdiňe dalda,
Bedew bagda galdy, ýoldaşy ýolda,
Diýinmez habary Döwletalynyň.
Magtymguly, geçdi dünýäde deňsiz,
Törelikde taýsyz, ärlikde eňsiz,
Pygamber peýsizdir, Süleýman söňsuz,
Şoňa meňzär yzy Döwletalynyň.
Ещё видео!