#magtymguly #edep #turkmen
Magtymguly atamyzyň bu şygyrynyn rusçasyny aşakdaky linkdan diňläp bilersiňiz "Глядите":
[ Ссылка ]
Otur-turşyn görün
Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,
Märeke-de otur-turuşyn görüň.
Birew bilen aşna bolaý diýseňiz,
Owwal ykrarynda duruşyn görüň.
Uzak yola gidip geler bolsaňyz,
Merdanalyk gyljyn çalar bolsaňyz.
Bir bedewi saýlap alar bolsaňyz,
Synasyn, sagrysyn, gerişin görüň.
Bir pul düşse bir üflasyň goluna,
Göwsün açyp gezer gyşyň ýeline.
Hyrydar bolsanyz gyza, geline,
Edebin, ekrabyn, oturşyn görüň.
Goç ýigidiň at-yaragy şay bolsa,
Ýetişer her ýerde haý-da haý bolsa.
Özi Hatam bolup, ýene baý bolsa,
Çar tarapdan myhman gelişin görüň.
Birniçäni kyldyň maly-bisýary,
Birniçäni kyldyň bir puluň zary.
Ýagşy-ýaman, barça adamyň bary,
Nobat bile ötüp baryşyn görüň.
Taňry bizar erer zekatsyz baýdan,
Zynhar siz hem gaçyň ol gelen jaýdan.
Merde her iş düşse, görer Hudaýdan,
Namardyň hemradan görüşin görüň.
Namart ýörer mydam ölümden gaçyp,
Öýüne gelende, zäherin saçyp.
Mert ýigit ölüme synasyn açyp,
Namardyň öýünden gaçyşyn görüň.
Zalymlar unudar zikri-Allany,
Arzan alyp, gymmat satar gallany.
Süýthor naynsaplar halal tyllany,
Haram peýdasyna görüşin görüň.
Şeýtan melgun hergiz tagat etdirmez,
Haramdan gaýtarmaz, halal ýutdurmaz.
Namaza uýdurmaz, roza tutdurmaz,
Lagnaty şeýtanyň talaşyn görüň.
Goç ýigidiň işi söhbet saz bolar,
Köňli gyş bolmaýan, daýym ýaz bolar.
Ýagşynyň koňlünde kine az bolar,
Ýamanyň her günde uruşyn görüň.
Gadyrdan gardaşdan uzak, daş bolup,
Gadyrsyz ýat bile garyndaş bolup.
Magtymguly, nasazlara duş bolup,
Hojanyn, seýidiň ýörüşin görüň.
Ещё видео!