Paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa, Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok we beýleki daşary ýurtly ilçiler, şeýle hem TÜRKSOÝ guramasyna agza döwletlerden gelen kino sungatynyň wekilleri, ýurdumyzyň sungat işgärleri gatnaşdy.
“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan kinofestiwaly oňa gatnaşýan ýurtlaryň wekillerini dabaraly çagyrmak hem-de tanyşdyrmak bilen başlandy. Daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň kino ussatlary Mediýet merkeziniň meýdançasynda düşülen gyzyl halydan ýöräp, Mukamlar köşgüne girdiler.
Gyzyl haly düşülen ýodadan Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Tükriýäniň we TÜRKSOÝ agza beýleki döwletleriň kino ussatlary geçdiler. Bu festiwala Russiýa Federasiýasynyň Başkyrdystan, Tywa, Çuwaş Respublikalaryndan wekilýetleriň hem gatnaşýandygyny bellemek gerek.
Dabara gatnaşýanlaryňö hatarynda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Kino boýunça baş müdiri Birol Güwen hem bar.
Soňra Mukamlar köşgüniň uly zalynda kinofestiwalyň açylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň halkara kinofestiwalyna gatnaşyjylara Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Hormatly Prezidentimiziň gutlagyny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa okady.
Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň esasy maksady hem kinematografiýa babatda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekden, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdyrmakdan ybaratdyr, diýlip hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda bellenilip geçilýär.
Soňra dabarada Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew çykyş edip, ol bu festiwalyň türki döwletleriň medeni we sungat baýramçylygy bolup durýandygyny belledi. Sultan Raýew “Gorkut ata” halkara kinofestiwalyna hödürlenýän çeper hem-de dokumental filmleriň dürli dillerde bolýandygyna gazramazdan, olaryň türki döwletleriň medeniýetini açyp görkezýändigi hem-de medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşýandygyny belledi.
Çykyşlardan soňra “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwalynyň durna şekilindäki kubogy getirildi. Şeýle hem dabarada türkmeniň beýik şahsyýetleri barada teatr artistleriniň gatnaşmagyndaky kompozisiýa eseri ýaýbaňlandyryldy.
Mundan başga-da, festiwala hödürlenen çeper hem-de dokumental filmlere baha berýän eminler toparlary tanyşdyryldy.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň taýýarlan “Gorkut ata” atly wideoroligi görkezildi.
3 günläp dowam edýän halkara kinofestiwalyň çäklerinde hödürlenen filmler “Aşgabat” kinoteatrynda, şeýle hem “Watan” hem-de “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde tomaşaçylara hödürlener.
Turkmen: #Aşgabat #GorkutAtaKinofestiwaly #TürkmenMedeniýeti #Türkmenistan #TÜRKSOÝ #Medeniýet
English: #Ashgabat #GorkutAtaFilmFestival #TurkmenCulture #Turkmenistan #TURKSOY #Culture
Turkish: #Aşkabat #DedeKorkutFilmFestivali #TürkKültürü #Türkmenistan #TÜRKSOY #Kültür
Russian: #Ашхабад #ГоркутАтаКинофестиваль #ТуркменскаяКультура #Туркменистан #ТЮРКСОЙ #Культура
Ещё видео!