#magtymguly #pyragy #turkmensygyr #turkmengosgy #turkmen #turkmendili
ATLY, ÝARANLAR
Depderler içinde bir kitap gördüm,
«Kasasyl-enbiýa» atly, ýaranlar.
Hezreti Ýusuby beýan eýläli,
Kyssasy şekerden datly, ýaranlar.
Renji azym, rahaty köp, şeýle bil,
Sözleri hadysdyr, aýaty-delil,
Beni Ishak ibni Ybraýym Halyl,
Ýalawaç urugy zatly, yaranlar.
On iki ogly bar, altysy hatyn,
Habar sorsañ, budur bu asylzatyň,
Illalla Tañrynyñ ol mugjyzatyň,
Ýakuby kör basr etdi, ýaranlar.
Ýedi ýaşda Ýusup gördi bu düýşi,
Ýaranlar tagajjup Allanyn işi,
Şemgun, Rubil atly ondur gardaşy,
Ýusuby bir çaha atdy, ýaranlar.
«Yusupjany böri iýdi» diýdiler,
Bir börini tutup baglap geldiler,
Hezreti Ýakup bir doga kyldylar,
Böri öz halyny aýtdy, ýaranlar:
"Bir balam bar, ýitirip men ýanymdan,
Üç gün boldy, istäp tapman ýabandan,
Dilegiň kabuldyr seniň Subhandan,
Doga kyl" diýp, umyt etdi, ýaranlar.
Ýusuby saldylar tehi-zemine,
Onuň dagly köňli boldy kemine,
Hak emr etdi ol Jebraýyl emine,
Bir demde Ýusuby nätdi, jaranlar.
Çah içinde ýatdy üç gije-gündiýz,
Hezreti Jebraýyl saklady tämiz,
Bir Ay bile bir Gün, ol on bir ýyldyz
Ýusuba köp tagzym etdi, ýaranlar.
Bir kerwen geleýdi Müsürden Şama,
Nägehan geldiler uşbu makama,
Beşir, Beşer atly iki gulama,
Birgip, gowalaryn tarty, ýaranlar.
Gowalaryn çykardylar daşyna,
Ýusup çykdy Aý dek bolup nyşana,
Yüz müň şükür kyldy ol dem Subhana,
Gullara iman arz etdi, ýaranlar.
Allanyň emrine sunup boýnuny,
Begler, görüň bu şum pelek oýnuny,
Hezreti Ýakubyň nury-aýnyny,
Gullar hojasyga aýtdy, ýaranlar.
Mälik Dinar alyp bardy Kengana,
Habar tapdy baky on dört diwana,
Ýusup "Sadyk gul men" diýdi merdana,
On sekiz ýarmakga satdy ýaranlar.
Patysanyn ady Ryýan Melekdi,
Weziriniň ady Azyz Gerekdi,
Alar boldy - Züleýhaga derekdi,
Mälik Dinar oña satdy, ýaranlar.
Dellallar ýygnalyp, baha goýdular,
«Boýy deňi altyn-kümüş» diýdiler,
Lagly jöwahyrdan ança oýdular,
«Hälem bolsa arzan!» - aýtdy, ýaranlar.
Şäher ortasynda bir tagt gurdular,
Ýusup: «Sadyk gul men» diýip durdular,
Gymmat goýup, Züleýhaga berdiler,
Ahyr myradyna ýetdi, ýaranlar.
Aşyk oldy är Ýusubyň görküne,
Saldylar ýedi gat ýeriň berkine,
Alty hatyn goýmadylar erkine,
Ýusup hem olara nätdi, ýaranlar?
Hatynlar mekrinden gaçdy, gutuldy,
Etegin kesdiler, daşda tutuldy,
Niçe ýyllar zyndan içre ýatyldy,
Ýusupdan tamamy ötdi, ýaranlar.
Ýusup sadyk ýatyr zyndan içinde,
Patyşa bir mugjyz gördi düýşünde,
Müneçjimler bes, bar idi gaşynda,
Her kaýsy bir tagbyr aýtdy, ýaranlar.
Elkyssa, bu tagbyr Ýusuba ýetdi,
Ýusup hem ol düýşüň beýanyn etdi,
Ybrat alyp, patşa raýyndan gaýtdy,
Tamamyn musulman etdi, ýaranlar.
Ýusup tagta münüp, patşa boldular,
Tamam Müsür halkyn satyn aldylar,
Agalary gelip, tagzym kyldylar,
Külli günälerin ötdi, ýaranlar.
Magtymguly sözlär Hakyň sungatyn,
Bende sen, hatyfnyň emrine köýgün,
Kime bäş gün berer, kimsäge on gün,
Süreweriň, döwran ötdi, ýaranlar.
Ещё видео!