#turkmendili #turkmengosgy #magtymguly
ÝAÝLAHLARY BAR
Sapar edip barsak Nowşah mülküne,
Köňül isläni dek ýaýlahlary bar.
Seýran etsek gunçasyna, gülüne,
Bakjasynda bilbil oýnahlary bar.
Ýeri sazdyr, hassa bolan sagalar,
Arryk, müflis, garyp bolan oňalar,
Serçemen agajy bile deñeler,
Ajap guş salmaly awlahlary bar.
Meýdany doludyr şeker gamyşdan,
Dileg etmez hergiz gardaş gardaşdan,
Üsti ýapyglydyr kümüş kerpiçden,
Her kimiň özi çün suwlahlary bar.
Baş goşmandyr arryk, agsak şa bile,
Atdyryp dogan-la, baz-la gapyla,
Şirwan galasydyr, ony kim bile,
Her burçunda altyn baýdahlary bar.
Magtymguly, sazdyr, söhbetdir işiň,
Ajaldan, gaýrydan bolmaz teşwüşiň,
Baýlaryň, pakyryň, ähli derwüşiň
Ýurdy bolar ýaly parsahlary bar.
Ещё видео!