SEBÄPLER HAKDA GARAÝYŞLAR
Ynsan saglygyna täsir edýän bäş sany esasy sebäp
1. Howa. Ruhuň kadaly we sagdyn bolmagyna täsir edýän ilkinji zatlaryň biri. Howa näçe arassa bolup, hapa we ýaramaz yslar garyşmadygyça, saglygyň has berk goragçysy bolýar. Howa üýtgän halaty, onuň ynsana ýetirýän täsiri, berýän peýdasy hem üýtgemek bilen bolýar.
Her paslyň öz howasyna laýyk gelýän keselleri döredip, ters ýagdaýyndaky keselleri aýryp taşlaýanlygy belli zat. Tomus holeranyň möwjemegine sebäp bolýar we şoňa bagly keselleri ýüze çykarýar. Çünki holera gyzgyn-gurak tebigatlydyr. Şeýle hem, tomus sowuk täsirli dertlerden ýa-da sowuklama sebäpli ýüze çykan ýoňlardan saplaýar.
Sowuk howa bedeni berkidýär we güýçlendirýär, iýmit siňdirişini gowulandyrýar. Yssy howa munuň tersinedir, pasyl çalşyp, howa üýtgän çaglary ýokanç keselleriň döremek mümkinçiligi artýar.
2. Iýmit. Her bir iýilýän we içilýän zat hem saglyga täsir edýär. Eger-de ol gyzgyn bolsa, bedende gyzgynlyk, sowuk bolsa, sowuklyk duýlup başlaýar, olaryň täsiri endama ýaýraýar.
3. Beden hereketi we beden asudalygy. Hereket etmek bedeni gyzdyrýar, ýagny onuň gyzmagyna, süňňüňde gyzgynlygyň döremegine getirýär. Beden asudalygy bolsa onuň tersinedir.
4. Ruhy hereketler we ruhy asudalyk. Ynsanda bolup geçýän ruhy ahwalatlar, mysal üçin, tukatlyk, şadyýanlyk, gaýgy-alada, çekinjeňlik ýaly häsiýetler şonuň netijesinde ýüze çykýar. Olar ruhuň bedeniň içine ýa-da daşyna tarap edýän hereketi netijesinde hasyl bolýar.
5. Uky we oýalyk. Uky ynsan ruhuny bedeniň içine tarap çekýär we onuň netijesinde bedeniň daşy sowap galýar. Şonuň üçin hem ukuda ýatan adam üşegiç bolýar we üstüni ýorgan bilen örtmäge mätäçdir.
Ynsanyň uka bolan mätäçligi onuň iýmite bolan mätäçligi ýalydyr. Uky ýadaw (nerw) degnalaryň dynç alýan wagtydyr. Uky indi boljak zerurlyklary tertibe salýar, onuň durnuklylygyny we ähli zady kabul etmäge ukyplylygyny gaýtadan dikeldýär. Eger-de ynsan ukyny göwnejaý almasa, ol akyl güýçleriniň ejizlemegine getirer, bedende ýadawlyk, beýnide we degnalarda dartgynlylyk ýüze çykar. Ukynyň dowamlylygy ynsanyň ýaşyna görädir. Az wagtlyk çuňňur uky uzaga çekýän alasarmyk ukudan has peýdalydyr. Uky näçe çuň boldugyça, beden şonça-da oňat dynç alýar. Goh-galmagal, güwwüldi bilen gurşalan uky bedene mynasyp rahatlygy bagyşlap bilmez.
ÇEŞME: EDEBIÝAT WE SUNGAT| 07.08.2020| 2 SAH. | SEBÄPLER HAKDA GARAÝYŞLAR | MUHAMMET GAÝMAZ TÜRKMENIŇ «PYGAMBER TEBIPÇILIGI» ATLY KITABY
Image: [ Ссылка ] - Designed by Freepik
Ещё видео!